JEMGYÝET

Edilen işler barada hasabat berildi we öňde duran wezipeler kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa bu jemgyýetçilik guramasynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Onda ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin hasabat berildi. Geçen döwürde bilim ulgamynda zähmet çekýän raýatlaryň we olaryň çagalarynyň dynç almaklaryny guramaga, zähmetini goramaga, hünärmenleri zähmete höweslendirmäge, kärdeşler arkalaşygynyň agzalaryny syýasy-jemgyýetçilik çärelerine çekmäge, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga uly üns berlendigi bellenildi. Şonuň ýaly-da, bu jemgyýetçilik guramasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teklipler diňlenildi we ýylyň ikinji ýarymynda edilmeli işleriň meýilnamasy kabul edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: