DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýda iň uly süýdemdirijileriň galyndylary tapyldy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda äpet süýdemdirijileriň galyndylary tapyldy.

Tapyndylar 26,5 million ýyl mundan ozal Hytaýda seýrek duş gelen kerklere degişlidir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, olar gury ýerde ýaşap geçen süýdemdirijileriň iň ulularydyr. Degişli barlaglaryň netijesinde äpet kerkleriň agramynyň 24 tonna barabar bolandygy anyklanyldy. Bu afrikan pilleriniň agramyndan 4 esse diýen ýaly agyrdyr. Bu äpet jandarlaryň uzynlygy 8 metr, beýikligi 5 metre golaý bolupdyr. Olar otlar we agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenipdirler. Boýlarynyň uzynlygy bolsa 7 metr beýiklikdäki agaçlaryň pürlerini iýmäge mümkinçilik beripdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: