BILIM

Indiki okuw ýylynda Russiýada türkmenistanly talyplar hem okarlar

Russiýada azyndan 270 müň daşary ýurtly talyp okaýar. Olaryň 18 müňi hökümetiň bölüp beren kwotasyna (paýyna) laýyklykda. Bu barada 2021-nji ýylda daşary ýurt raýatlaryny okuwa saýlap almak boýunça kampaniýanyň jemlerine bagyşlanyp, «ТАСС»-da geçirilen metbugat konferensiýasynda Rossotrudniçestwonyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow habar berdi.

Rossotrudniçestwonyň ýolbaşçysy bölünip berlen 18 müň ýeriň «175 ýurduň arasynda» paýlanylandygyny, olaryň arasynda «araçäkleşýän ýurtlardan» başga-da, Marşall adalarynyň, Perunyň, Argentinanyň we beýlekileriň bardygyny aýtdy. «Ilkinji nobatda bizi ýakyn daşary ýurtlaryň giňişligi gyzyklandyrýar. Saýlap almak çärelerine gatnaşmak üçin berlen 80 müň talaplyklaryň (zaýawkalaryň) 30%-i GDA ýurtlaryndan gelip gowuşdy. Iň köpi — Täjigistandan» diýip, ol  nygtady.

Şonuň ýaly-da, Primakow Owganystandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Müsürden, Siriýadan, Sudandan we Hytaýdan talaplyklaryň gelendigini belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: