JEMGYÝET

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çäreler myhmanlarda nähili täsirleri galdyrar?

Bu soraga «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada şeýle jogap berilýär:

Ilki bilen, çäreler hem Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde mahabatyny ýetirer.

Ikinjiden, Awaza çäreleri halkymyzyň myhmansöýer halkdygyny nobatdaky gezek dünýä äşgär eder.

Üçünjiden, hut şu iki ýagdaý hem biziň ýurdumyzda döwrebap öňegidişlikleriň, ösüşleriň nazarlanylýandygyny, şol bir wagtda hem olaryň ata-baba ýol-ýörelgelere daýanýandygyny, ýagny türkmen döwletiniň halky döwletdigini aýan eder.

Dördünjiden, Türkmenistanyň baş ýörelgesi — «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge. Awaza çäreleri Türkmenistanda adam hakyndaky alada döwlet möçberinde ýokary ähmiýet berilýändigini görkezer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: