BIZE YAZYARLAR

Höwes bilen okaýarys

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň täze elektron neşiriniň ― «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň okyjysy bolmak bizi uly şatlyga besledi. Ilkinji sany şanly ýylyň ilkinji aýynda paýlaşylan žurnal S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan hem gyzgyn garşylanyldy.

50-ä golaý sahypany öz içine alan täze neşir eýýäm ilkinji sahypalaryndan täsirli makalalary bilen okyjylary özüne çekýär. Makalalardyr beýleki eserleriň täsirli suratlar bilen kämil derejede bezelmegi olaryň has höwesli okamagyna täsirini ýetiripdir.

Türkmen ýaşlarynyň täze neşiriniň elektron görnüşde paýlanylmagy okyjylar üçin has hem amatlydyr. Biz žurnaldaky täsirli makalalary okuwda, işde, öýde, ulagda barýarkak hem okap bilýäris. Elektron žurnal mobil enjamymyzda, kompýuterimizde hemişe elýeterli.

Biz täze elektron neşiriň ikinji sanyna hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle hem geljekde okuw mekdebimizde alnyp barylýan işler, ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasy bilen bagly makalalar arkaly žurnalda çykyş etmegi meýilleşdirýäris.

Maýsa BABAMURADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: