BIZE YAZYARLAR

Jana melhem çaý

 Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar.

Gök çaý beýni damarlarynyň gysylmagyny aradan aýyrýar, nerw dartgynlylygyny gowşatmaga ýardam edýär.

Süýtli gara çaýa azrak gara burç bilen bal garyp içseňiz, ol dümewden açylmagyňyza kömek eder.

Demini alan sowuk çaý bilen ýüzüňizi ýuwsaňyz, ýüzüňiz nurlanar.

Gury çaýy mazaly owradyp, ezip, ony ýanan ýeriňize ýapsaňyz, ýarany tiz bitirýär.

Ulag çaýkanda ýa-da başga bir zat sebäp bolup ýürek bulananda gury çaý çeýnelse, haýry deger.

Mylaýym çaýa öllenen pamygy gabaklaryňyza goýsaňyz, wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni alar.

Ajy çaý bitmeýän ýaralara oňat täsir edýär. Munuň üçin arassa hasany ýyly çaýa ölläp, ýara

Ajy çaýyň yzygiderli içilmegi aşgazandaky we on iki barmak içegedäki ýaralaryň bitmegine hem kömek edýär.

Unutmaň! Dermanlary diňe suw bilen içmelidir. Çünki derman çaý bilen içilende, ol eremeýän birleşmeleri emele getirýär-de, aşgazanda çöküp galýar.

Gözel GAÝYPNAZAROWA,

Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: