JEMGYÝET

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň sebite amala aşyran iş saparyna we saparyň çäklerinde «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işine ak pata bermegine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.

Welaýatyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewiň çykyşy bilen açylan hoşallyk maslahatynda düýnki wakalaryň ýylyň iň şanly wakalarynyň birine öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler ― ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, «Lebap» sement zawodynyň işgärleri, milli parlamentiň deputatlary we beýlekiler şeýle kuwwatly kärhana bilen birlikde medeni-durmuş maksatly desgalary gurduryp, ulanmaga berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Maslahatda edilen çykyşlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazy çykyşlaryna utgaşdy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: