JEMGYÝET

Welaýat kitaphanasynda Milli bahar baýramy mynasybetli maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Nowruz — dost-doganlygyň baýramy» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Halkara Nowruz gününe bagyşlanan bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde guradylar. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, kitaphanaçylar, mirasgärler, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda Nowruz baýramynyň döreýiş taryhy, onuň bilen baglanyşykly däp-dessurlar, milli tagamlar dogrusynda gürrüň edildi. Şol gün bu ýerde «Bahar buşlukçysy — Nowruz» diýen mowzukda kitap sergisi guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: