YKDYSADYÝET

Hojambazly ýüpekçi borçnamasyny tas iki essä ýetirip amal etdi

Hojambaz etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Güljemal Nurlyýewa şu ýyl şertnamalaýyn borçnamasyny 182,7 göterim berjaý etdi. Munuň üçin oňa welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat gowşuryldy.

Has takygy, ol şu möwsümde ýüpek gurçuklarynyň 72 gramyndan 353 kilogram pile ýygnady. Geçen ýyllarda bolsa onuň 450 kilograma çenli pile tabşyran gezekleri boldy.

Ýüpekçi welaýat gazetine beren interwýusynda maşgalasynda ýüpek gurçugyny idetmäge aýratyn üns berilýändigini aýdýar. Munuň üçin olaryň melleginde alty sany ýörite jaý salnypdyr.

Güljemal Nurlyýewanyň bu işde 20 ýyldan aşýan tejribesi bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: