YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki gonuşlaryň sanawy uzaýar

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde döredilen ýokary derejedäki mümkinçilikler bu ýerde tehniki gonuşy amala aşyrýan daşary ýurt awaikompaniýalarynyň uçarlarynyň sanynyň barha artmagyna getirýär.

Diňe şu ýyň dowamynda bu ýerde Gruziýanyň «Geo-Sky airlines» awiakompaniýasynyň we Gyrgyzystanyň «AeroStan airlines» aiwakompaniýasynyň hem «B-742» hem-de Türkiýäniň «MNG airlines» awiakompaniýalarynyň «A-330» kysymly uçarlary bu ýerde tehniki gonuşy amala aşyrdylar.

Uçarlaryň ählisine menziliň hünärmenleri tarapyndan ýokary derejeli hyzmatlar berildi. Häzirki wagtda tehniki gonuş babatynda Türkmenabadyň Halkara howa menzili bilen hyzmatdaşlyk saklamagy meýilleşdirýän daşary ýurt awiakompaniýalarynyň sany barha artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: