SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly welosipedçiler Daşoguzda geçirilen birinjilikde üstünlikli ýaryşdylar

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň türgeni Döwlet Orunow welosport boýunça Daşoguz welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 50 kilometr aralygy birinji bolup geçdi.

Şeýle hem ol şol ýaryşyň çäklerinde 15 kilometr aralygy geçmekde pellehana üçünji bolup geldi. Ýaryşyň umumy netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň welosipedçiler topary üçünji orna mynasyp boldy.

Bu mekdep tarapyndan maý aýynda Lebap welaýatynyň çempionaty hem geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, lebaply welosipedçiler ýurt derejeli çempionatlarda hemişe öňdäki orunlary eýeleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: