YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany artdy

Lebap welaýatynda ýylyň başyndan bäri tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 1100-den gowrak artdy. Şonuň  netijesinde welaýat boýunça «mawy ýangyçdan» peýdalanýan hojalyklaryň sany 215 müňden gowraga barabar boldy.

Hojalyklary amatly ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin gazlaşdyrmak işleri täze peýda bolýan ilatly ýerlerde alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk gurnaýyş müdirliginiň Lebap welaýat ülşüniň binagärleri Halaç etrabynyň Akgala geňeşliginiň çäginde uzynlygy 13 kilometre golaý bolan ýokary we orta basyşly gaz geçirijisini we gaz paýlaýjy enjamy gurmak işini tamamladylar. Şonuň netijesinde Kekreli obasyndaky täze hojalyklaryň 30-dan gowragyny tebigy gaz bilen üpjün etmek mümkin boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: