Özbek awiakompaniýasy Türkmenabatda tehniki gonuşlary amala aşyrýar
Türkmenabat Halkara howa menziliniň hyzmatdaşlarynyň hataryna Özbegistanyň «MY Freighter» hususy awiakompaniýasy hem goşuldy. Ýakynda bu awiakompaniýanyň ýük uçary welaýat merkezimizdäki halkara derejeli howa menzilinde täjirçilik maksatly ilkinji gonuşyny amala aşyrdy.
«MY Freighter» Özbegistanda döredilen ýük kompaniýasydyr. Kompaniýa ilkinji uçaryny mundan iki ýyl ozal ― 2022-nji ýylda satyn aldy. Şondan bäri bu kompaniýa Özbegistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak işine goşant goşup gelýär.
Şu gezekki gonuşyň maksady hem söwda gatnaşyklaryny dowam etdirmek bilen baglydyr. Kompaniýa degişli «Boeing 747-200» kysymly ýük uçary bilen onlarça tonna ýük goňşy döwlete eksporta ugradyldy we goňşy döwletden getirildi.
Özbegistan ýurdumyzyň duldegşir goňşusy bolmak bilen bir hatarda iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň hem biridir. Geçen ýyl iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi.