Iň howply möý anyklanyldy
Dünýäde möýleriň 50 müňden gowrak görnüşi belli bolup, olaryň käbiri örän howpludyr. Demirgazyk we Günorta Amerikada duş gelýän, ylmy dilde «Latrodectus mactans» diýlip atlandyrylýan möýler olaryň iň zäherlisidir. Gara reňkli bedenleriniň ululygy 8 — 10 santimetre barabar bolan bu jandarlaryň zäheri adamyň janyna uly howp salyp biler. Olaryň esasy ýaragy uzyn aýaklarydyr. Şonuň ýaly-da bu möýler äpet jandarlar üçin hem howpludyr. Olar maýdajyk mör-möjekler we kiçiräk möýler bilen iýmitlenýärler. Bu zäherli möýler tebigy şertlerde 3 — 4 ýyl ýaşaýarlar.