MEDENIÝET

Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde edermenlik sapagy geçirildi

 Watan goragçylarynyň gününde Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda edermenlik sapagy geçirildi.

Şu okuw jaýynyň talyplary bu gün muzeýde ýöne ýere ýygnanmadylar. Öz wagtynda bu ýerde Sowet Soýuzynyň Gahrymany Plis Nurpeýisow okapdy. Şonuň üçin hem, olara Çärjew derýaçylyk tehnikumynyň (okuw jaýy şol wagt şeýle atlandyrylýardy) talyby barada bilmek gyzyklydy. Bu ýerde myhmanlara Plis Nurpeýisowyň durmuşy we gahrymançylykly ýoly barada gürrüň berdiler. Onuň Dörtgül (häzir Özbegistanyň düzümindäki Garagalpagystan) dogulandygy, 1931-nji ýylda pagta arassalaýjy zawodyň çagalary bilen Çärjewe (häzirki Türkmenabada) gelendigi, FZU-da okanlygy barada aýtdylar. Ony tamamlandan soň ol Çärjew derýaçylyk tehnikumyna okuwa giripdir we Amyderýada «Albatros» gämisiniň kapitanynyň kömekçisi bolup ýüzüpdir. 1940-njy ýylda goşun gullugyna çagyrylypdyr we ol ýerde uçarman bolupdyr. Uruş döwründe 106 gezek söweşjeň uçuşy amala aşyrypdyr. Urşuň iň soňunda, ýeňişe birnäçe gün galanda bolsa, wepat bolupdyr. Ýogalandan soň oňa Sowet Soýuzynyň Gahryman diýen at dakylypdyr.

Elbetde, türkmenistanlylaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen gahrymançylyklary, olaryň söweşişleri, tylda galanlaryň fronta kömek berişleri we köp garaşdyran ýeňişi ýakynlaşdyryşlary barada hem gürrüň berdiler. Muzeýde şol döwrüň şaýatlary — eksponatlar, foto suratlar, arhiw materiallary, gazet makalalary, frontçylaryň hatlary aýawly saklanylýar. Şu gün ýaşlar bütin halkyň Watanyň goragyna galyşy barada köp gyzykly we sapak bolarlyk maglumatlary aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: