YKDYSADYÝET

Hojambaz etrabynda üç aýda meýilleşdirileninden iki essä ýakyn köp çörek we çörek önümleri öndürildi

Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetine degişli çörek sehleriniň 3-si ilata göwnejaý hyzmat edýär. Etrabyň merkezinde, Beşir we Burdalyk şäherçelerinde ýerleşýän sehleriň hersinde meýilnamalar üstünlikli berjaý edilýär, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Çörek bişirijiler şu ýylyň geçen üç aýynda 339, 4 tonnanyň ýerine 390, 8 tonna çörek we çörek önümlerini ilata ýetirdiler. Sehlerde öndürilýän «Ahal», «Nowruz», «Höwesli» ýaly çörekler ilatyň uly isleginden peýdalanýar. Çörek bişirijileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ilatyň saçaklarynda çörek we çörek önümleriniň bolçulygy gazanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: