YKDYSADYÝET

«Türkmen altyn» kärhanasynda altyn we kümüş şaý-sepleri ýasalýar

 Türkmenabat şäherindäki «Türkmen altyn» kärhanasynda şu ýylyň  ýanwar-mart aýlarynda 2 million 936 müň 118 manatlyk altyn we kümüş önümleri ýasaldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 152 müň 604 manatlyk köpdür.

Bu ýerde zergärler altyndan we kümüşden şaý-sepleriň dürli görnüşleri, sowgatlyk önümlerini ýasaýarlar. Olar ýokary hilliligi we milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Önümler kärhananyň ýöriteleşdirilen dükanlarynda satylýar.  Käbir şaý-sepler ýörite buýurmalaryň esasynda taýýarlanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: