YKDYSADYÝET

Geçen ýyl «Bäherden» tikin fabriginde 128 göterim ösüş depgini gazanyldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Bäherden» tikin fabriginde 14 million 505 müň manatlyga golaý önüm öndürildi.  Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 128 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.

Şol döwürde fabrikde tikin önümleriniň 663 müňden gowragy öndürildi. Bu ýerde ýokary hilli nah matalardan ýöriteleşdirilen iş lybaslary, ýorgandyr düşekler, ýassyklar we olaryň örtükleri, şeýle-de beýleki tikin önümleri taýýarlanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: