YKDYSADYÝET

Lebapda 21 milliard manatlykdan gowrak senagat önümleri öndürildi

2023-nji ýylyň geçen on bir aýynda Lebap welaýatynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 21191 million manada barabar boldy. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Bu görkeziji döwlete dahylly bölekde 6 037,8 million manada ýetdi. 

Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Şu ýylyň on bir aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen senagat önümleriniň ýokary artyş depginleri elektrik energetika, azyk senagatlarynda gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: