YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen ýüplükler daşary ýurtlara iberilýär

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde 27/1, 34/1 belgili ýüplügiň günde ortaça 16-16,5 tonnasy öndürilýär.

Bu ýerde çig mal hökmünde Türkmenistanda ýetişdirilen pagta ulanylýar. Ol pagta arassalaýjy zawodlarda gaýtadan işlenilenden soň bu fabrige iberilýär.

Önümleriň bir bölegi ýerli kärhanalara ugradylýar. Onuň aglaba bölegi bolsa Russiýa, Hytaýa, Pakistana, Hindistana, Türkiýä, Azerbaýjana, Gyzgyzystana we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: