Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Hytaý Marsda ýöreýjisi Gyzyl saýýaranyň üstüni öwrenip başlady

Jul 31, 2021

«Çžužun» Marsda ýöreýjisi Gyzyl saýýaranyň üstüni çylşyrymly relýefliligi bilen tapawutlanýan ýerlerini öwrenip başlady. Bu barada «Sinhua» habar beriş agentligine salgylanmak bilen, «Труд» gazeti habar berýär. Marsda ýöreýji ikinji dýunany öwrenmegi tamamlady. Soňra «Çžužun» günorta tarap ugrady we gaýalardan, kraterlerden we çäge depelerinden doly ýere bardy. 30-njy iýula çenli Marsda ýöreýji Gyzyl saýýaranyň üstünde mars hasaby boýunça 75 gije-gündizläp işledi. Ol Marsy öwrenmäge 22-nji maýda başlapdy.

Adblock
detector