SYÝASAT

Kataryň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

29-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ilçi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasra türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: