Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi, diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we sanly tehnologiýalar pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk nobatdaky forumyň gün tertibine girizildi.
Forumyň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary pandemiýanyň netijelerini, şeýle-de sebit we ählumumy prosessleri nazara almak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.