YKDYSADYÝET

Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginiň önümine daşary bazarlarda isleg uly

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň geçen alty aýynda 1325 tonna golaý nah ýüplük öndürildi.

Fabrik içerki bazary ýeňil senagatda giňden peýdalanylýan önüm bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, nah ýüplükleri daşary bazarlara hem çykarýar. Geçen ýyl bu ýerde öndürilen 5649 ýüplügiň 3341,4 tonnasy daşary ýurtlara ugradyldy. Kärhananyň önümini Russiýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň we Ermenistanyň işewürleri satyn alýarlar.

Kärhanada günde 15,5—17 tonna önüm taýýarlanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: