YKDYSADYÝET

Ýylgynagyz massiwindäki suw akabasy gyrmançalardan arassalanylýar

Ýylgynagyz massiwindäki suw akabasyny gyrmançalardan arassalamak işleri alnyp barylýar. Läbik sorujylaryň güýji bilen günde 600 kub metr gyrmança arassalanylýar.

Bu ýerde uzynlygy 50 kilometrden gowrak suw akabasy 35 müň gektar meýdany suw bilen üpjün edýär. Ekin meýdanlary Amyderýanyň derejesinde 80 metr töweregi belentliklerde ýerleşýär. Şonuň üçin hem, suw alty sany göteriji arkaly beýige çykarylýar.

2011-nji ýylda akabanyň Amyderýadan gözbaş alýan ýerinden dört kilometr aralykda kuwwaty sekundda 35 kub metr bolan esasy suw göteriji desga ulanylmaga tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: