YKDYSADYÝET

Sarp edijiler keramzit bilen bökdençsiz üpjün edilýär

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän keramzit zawodynda ýylyň başyndan bäri 31,9 müň kub metr keramzit öndürildi. Netijede 100 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Bu ýerde ornaşdyrylan tehnologiýalar önümçilikde ulanylýan çig maly ösen talaplara laýyklykda gaýtadan işlemäge we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Çykarylýan keramzit sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: