YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda oba hojalyk önümleriniň bahasynyň arzanlaýandygyny görmek bolýar

Welaýat statistika müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, iýun aýyna garanda, iýulda oba hojalyk önümleriniň bahalary arzanlapdyr. Mysal üçin, açyk toprakda ýetişdirilen hyýar öňki aýdakysyndan 52,42 göterim arzanlapdyr. Pomidoryň bahasy 33,94 göterim pese düşüpdir. Iýulda alyjylar gawuny öňki aýdakysyndan 37,67 göterim arzan satyn alypdyrlar. Garpyz üçin bir aý ozalyndakysyndan 32,67, şugundyr üçin — 21,8, alma üçin — 2,28 göterim az pul töläpdirler. Ýeralma bolsa 6,62 göterim arzanlapdyr.

Bahalar oba hojalygynda azyklyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagynyň netijesinde pese düşýär. Muny beýleki oba hojalyk önümlerinde hem görmek bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: