Farap etrabynda şu ýyl 390 gektar meýdana gök we bakja ekinleriniň ýazky sortlaryny ekmek meýilleşdirilýär. Onuň 80 gektaryny ýeralma, 50 gektaryny pomidor, 3 gektaryny hyýar, 100 gektaryny sogan, 10 gektaryny kelem, 150 gektaryny bakja önümleri eýelär.
Eýýäm bu ýerde ýeralmanyň we soganyň ekişi tamamlandy. Faraply daýhanlar şu ýylyň tomsunda 1 müň 120 tonna ýeralma we 2 müň 500 tonna sogan almagy meýilleşdirýärler.
Şu günlerde beýleki ekinler üçin hem ýer böleklerini taýýarlamak dowam edýär. Daýhanlar etrabyň we welaýat merkeziniň söwda nokatlaryna tomusda 1 müň 250 tonna pomidor, 60 tonna hyýar, 250 tonna kelem, şonuň ýaly-da 3 müň tonna gawun, garpyz we kädi ibermek göz öňünde tutulýar.

