YKDYSADYÝET

Lebapda tehnikalar täze oba hojalyk möwsümine taýýar

Şu ýyl gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde Lebap welaýatynda dişli boronalaryň we malalaryň 7 müň 200-den gowragy, azallaryň 510-a ýakyny işe taýýar edildi. Çizeller, motygalar, çuň ýumşadyjylar we beýleki gurallar hem doly abatlanyldy.

Şeýle hem welaýat boýunça gowaça ekijileriň 430-dan gowragy ekişde ulanylmaga taýýar. Bu ýyl hem, hemişe bolşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hatarynda «Monosem», «Gaspardo», «Cansa» takyk gowaça ekijilerden giňden peýdalanylar.

Welaýatda kultiwatorlar hem birlaý gözden geçirilip, olarda degişli abatlaýyş işleri geçirildi. Olaryň 1 müň 30-a ýakyny eýýäm taýýar edilip goýuldy. Abatlanylan oba hojalyk gurallarynyň hataryna göz aýlanyňda, gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekde, mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmekde, suwa tutmakda we beýleki agrotehniki çäreleri geçirmekde daýhanlaryň bökdençlik çekmejekdiklerine gözüň ýetýär. Ýagny, bahar we tomus aýlarynda kärendeçilere birbada dört hatarda bejergi geçirýän «KHU-4B» kysymly kultiwatorlaryň 930-sy, alty hatarly «Orthman 8375» kultiwatorlaryň 66-sy, dokuz hatarly kultiwatorlaryň «Orthman 8375» 33-si daýhanlara hyzmat eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: