MILLI BAÝRAMÇYLYKLARTÜRKMENISTAN HABARLARY

Halaçly halyçylar basleşigiň ýeňijileri boldular

Halajyň çeperçilik kärhanasynyň halyçylary Maral Rejebowa bilen Sona Şiriýewa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda yglan eden bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldular.
Bu halyçylaryň ikisi hem bäsleşigiň «Kesbi-kärim — nesillere görelde» diýlip atlandyrylan şertinde birinji orna mynasyp boldular.
Aşgabat şäherinde Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan halyçylaryň 12-si gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply