DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gyzjagaz bir ýylda 2 milliard rubl gazandy

«Forbes» amerikan žurnaly ýedi ýaşly russiýaly gyzjagaz Anastasiýa Radzinskaýany iň köp tölenilýän ýutýub blogerleriň onlugynyň hataryna hataryna goşdy, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Özüniň «Like Nastya» kanalyny alyp barýan gyzjagaz sanawda altynjy orunda dur.

Krasnodar ülkesinde doglan gyzjagazyň 2021-nji ýyldaky gazanjy 28 million dollara (2 milliard 72 million rubla) barabar bolupdyr.

Gyzjagaz bu reýtinge üçünji gezek girizildi. 2020-nji ýylda ol onda ýedinji orny eýeläpdi.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Radzinskaýa bir ýylda girdejisini 10 million dollar artdyrypdyr. Şondan bäri onuň abunaçylarynyň sany 87,5 million adama ýetipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: