DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

BSGG-niň wekiliýeti Türkmenistana geler

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti şu gün agşam «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary bilen Türkmenistana sary ýola düşer. Bu barada BSGG-niň sebitleýin direktory Hans Klýuge Twitterdäki resmi hasaby arkaly habar berdi, diýip Türkmenportal ýazýar.
BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda işlän günlerinde ýokary we ýerli guramalar tarapyndan COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy meýilleşdirýärler. Wekiliýetiň düzüminde umumy saglygy goraýyş we epidemilogiýa boýunça halkara derejeli bilermenleriň 5-si bolar.
Häzir Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: