YKDYSADYÝET

Sanly tehnologiýalar nebit-gaz guýularynda

Türkmenistanda täze burawlanylýan nebit we gaz guýulary, şeýle hem ozaldan işledilip gelinýänleri kompýuterleşdirilýär. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar arkaly guýularyň önüm ýygnanýan dürli gatlaklaryna gözegçilik edilýär. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň saýtynda habar berilýär.

Şu usulda sanly serişdeler we innowasion tehnologiýalar bilen çuňluklaryň geologik gurluşynyň we önüm toplanýan gatlaklarynyň ýagdaýyny öwrenmek, bäş müň metr çuňlukdan gije-gündiziň dowamynda alynjak önümiň çaklamalaryny hasaplamak mümkinçiligine eýe bolundy.

Kenarýaka zolagy gury ýeriň deňze ýakynlaşýan çägini we ýalpak suwly bölekleri öz içine alýar. Nebitgazly zolaklara Gögerendag—Ekerem sebitine ugurdaş kenarýaka çäkleri degişlidir. Onlarça kilometre dowam edýän bu çäkde dürli çökündili gatlaklar ulgamy çuňluklara uzaýar.

Sanly ykdysadyýetiň maglumat çeşmelerinde Hazarýaka çöketliginde täze açyşlaryň tejribeleri innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen çuňluklarda ýatýan gatlaklarda örän uly uglewodorod serişdeleriniň toplanýandygyny hünärmenler belleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: