JEMGYÝET

Gymmatly kagyzlardan peýdalanmagy kämilleşdirmek meselesine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde üç günlük okuw maslahatyny geçirdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde guralan bu okuw maslahaty gymmatly kagyzlar ösen bazar gatnaşyklarynda esasy orunlaryň birine eýeleýän gymmatly kagyzlardan peýdalanmagy kämilleşdirmek meselesine bagyşlandy. Ony geçirmäge Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýardam berdi. Onlaýn okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, «Aşgabat gazna biržasy» ÝGPJ-niň, Merkezi bankyň, Adalat ministrliginiň hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda gazna biržasynyň işini kämilleşdirmekde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde döwlet we hususy edaralaryň orny we bu kagyzlaryň milli bazaryny kämilleşdirmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasyny taýýarlamak ýaly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda halkara bilermenler bu babatda ösen tejribäni paýlaşdylar hem-de «Ýol kartasynyň» taslamasynyň düzümi boýunça amaly teklipleri orta atdylar.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: