JEMGYÝET

Saglyk işgärleri düşündiriş işlerini geçirýärler

Şu günler Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramaklarynda şäherdir etraplaryň hassahanalarynda, saglyk öýlerinde öýkeniň täze howply döremelerine garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen yglan edilen biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de saglyk öýleriniň lukmanlarynyň, feldşerleriniň we şepagat uýalarynyň gatnaşmaklaryndaky çärelerde öýkeniň täze howply döremeleriniň öňüni almaklyga we ony ir ýüze çykarmaklyga bagyşlanan gürrüňdeşlikler geçirilýär. Şeýle-de, çärelerde onkolog lukmanlar öýkeniň täze howply döremelerine garşy göreşmekde ýerlerdäki kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: