BIZE YAZYARLAR

Owadanlyk göreýin diýseň…

Amatlyklary has ýokary maşynda gitseňem, daş-töwerekde syn edere gowy görnüşler bolmasa, ýol aşmak içgysdyrgynç pişä öwrülýär. Ýoluň iki gyrasyny owadanlyklar gurşap alanda welin, uçarda däl-de awtoulagda barýanyňa begenmänem duraňok. Aýratyn hem, daşky gurşaw bilen sazlaşygy emele getirýän we aklyňy haýran edýän köprüleriň üstünden geçeniňde, ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçirýärsiň. Şeýle köprüler Norwegiýada hem bar. «Iň gowy syýahatçylyk ýoly» diýen ada mynasyp bolan ýedi köprüden durýan toplumyň umumy uzynlygy 8,27 kilometre ýetýär. Storsezanted köpüsi bolsa olaryň arasynda iň beýigi hasap edilýär. Aşagyndan gämiler geçip biler ýaly, ony suwuň derejesinden ýigrimi üç metr belentlige galdyrypdyrlar. Desganyň taslamasyny düzenler bu ýoldan barýanlary birazajyk oýlanmaga mejbur etmegi hem başarypdyrlar. Onuň bir tarapyndan seretseň, ýol eňňitden aşaklygyna başaşak gaýdyp, yzyna dolanýan ýaly bolup görünýär, beýleki tarapyndan seretseň bolsa, aňryk dowam etmeýäne meňzeýär. Beýiklige çykarýan egrem-bugram görnüşli ýola sürüjiler «serhoş» diýip at beripdirler.

Üstesine-de, köprülerden Molde dagynyň üsti garly iki ýüz ýigrimi iki sany depesiniň ajaýyp kesbi görünýär. Syýahatçylar olara arkaýyn syn ederler ýaly, köprüleriň aralarynda daşy aýna diwarlar bilen örtülen syn ediş meýdançalary gurlupdyr. Olaryň ýanynda bolsa maşyn goýar ýaly meýdanlar hem oňarlypdyr. Bagty çüwenlere bolsa suwda ýüzüp barýan kitlere tomaşa etmek hem başardýar. Bu ýerde balyk tutmaga hem rugsat berilýär.

Metbugat maglumatlarynyň esasynda taýýarlan:

Gülşat Jomartowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: