DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gün batareýaly welosiped ýoly

Günorta Koreýadaky Gün batareýaly awtomagistraly ygtybarly hereket ugurlaryň biri hasaplanýar. Uzynlygy 32 kilometre barabar bolan bu ýol diňe bir welosipedçileri Gün şöhlesinden goraman, eýsem, elektrik energiýasyny hem öndürýär. Bu barada «hi-tech.news» saýty ýazýar.

Bu täsin ýol ýurduň Tedžon we Saýong şäherleriniň arasynda ýerleşip, onuň her tarapynda hereket zolaklarynyň üçüsi bar. Günden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen gurlan şeýle ulagýollaryň ýene-de biriniň Niderlandiýada-da gurlandygyny bellemek gerek. Ýöne Niderlandlarda welosipedçiler gün batareýalarynyň üstünde ýöreýärler. Günorta Koreýada bolsa,  tersine, hereket gün batareýalarynyň aşagynda guralýar. Şeýle hem welosipedçileriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýoluň iki gyrasyna ýörite germewler aýlanandyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: