BIZE YAZYARLARDÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gülkli durmuşyň aýdymy.

Gürrüň berjek bolýan wakamyz biziň günlerimizde bir mugallymyň durmuşynda bolup geçýär. Ol hiç hili hereket edip bilmeýär. Ahyry ogul-gyzlary ony keselhanadan öýlerine alyp gaýdýarlar. Döwürdeşimiz her gün iň gowy degişmeli, gülküli çeper filmlere tomaşa edýär. Bir hepdeden soň, ol on minut gülüp, iki sagat agyrysyz ýatýar. Ondan soňra ol gülküli hekaýalary okap başlaýar. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, näsag arkaýyn işine ýöräp baryp bilýär. Lukmanlar barlaglardan soň, onda hiç hili keseliň ýokdugyny anyklaýarlar.

Gülki gandaky süýjüligiň derejesini pese düşürýär. Ol diňe bir biziň keýimizi götermän, agyrylaryň aýrylmagyna peýda edýär. Köpler gülkiniň ýüze ýygyrt düşürýändigini aýdýarlar. Ýöne hünärmenler gülkiniň ýüzüň myşsalaryny berkidýändigini, derini sagdyn we ýaş görkezýändigini belleýärler. Uly adamlar günüň dowamynda 15-20 gezek gülýän bolsa,  çagajyklar 300-400 gezek gülýärler.

Biz gülen wagtymyz dem alyş ýollary arassalanýar. Alymlar günüň dowamynda 15 minut gülmekligiň 10 minutlap beden maşklary bilen meşgullanmaklyga barabardygyny aýdýarlar. 5 minut gülen adam edil 30 minutlap dynç alan ýaly bolýar. Käbir ýurtlarda gülki bilen bejerýän ýörite otaglarda iň agyr keselleri bejerýärler. Gülki immuniteti berkidýär. Adam gülen wagty kisloroddan has köp dem alýar. Lukmanlar gülkiniň artykmaç agramdan halas edýänligi belleýärler. Gülmegi halaýan adamlar seýrek syrkawlaýarlar Bagt garmonlary adama gaharjaňlykdan we tukatlykdan saplanmaga kömek edýär.

Gülkiniň peýdasyna pelsepeçiler hem ýokary beripdirler. Görnükli akyldar Aristotel gülküniň  çuňňur pikirleriň döremeginde ähmiýetlidigi barada aýdyp geçirpdir.

Degişgen adamlaryň daşy mydama köp adamly bolýar. Olary diňlän müňlerçe adamlar öz öýlerine şol gülküden paý getirýärler.

Gülki her adama her hili täsir edýär. Käbir adamlar gülküniň inçeden beýan edilýän manysyna birbada düşünmän, näme üçin adamlaryň gülýänligine geň galýar. Degişmä inçeden düşünýänleriň ýanynda gülkiniň belli bahasy ýok.

Gülki adamlaryň mähirli gatnaşyklaryny berkidýär. Bile gülmegiň adamlaryň arasynda gowy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda ähmiýeti uludyr. Birek-birege düşünip, şol bir  şol bir zada gülüşmek gatnaşyklaryň has içgin bolmagyna itergi berýär. Gülki adamlaryň birek-birege bolan ynamyny artdyrýar.

Leýla Gylyçmuhammedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: