YLYM WE TEHNIKA

Alymlar täze ekzoplanetany ýüze çykardylar

ABŞ-nyň Massaçuses tehnologiki institutynyň alymlary täze ekzoplanetany ýüze çykardylar. Onuň ululygy Ýer şarynyň ululygyna barabar diýlip bellenilýär. Bu barada okuw institutyň metbugat gullugynyň «Twitter»-de goýan maglumatyna salgylanmak bilen, «mail.ru» habar berýär.

«Pi-planeta» diýlip atlandyrylan täze ekzoplaneta öz ýyldyzynyň daşyndan 3,14 günüň dowamynda aýlaw edip, onuň tizligi sagatda 291 müň kilometre barabardyr. Ekzoplanetada howanyň temperaturasy +177… +230 derejä barabardyr. Munuň özi saýýaranyň ýaşamak üçin ýaramly däldigini görkezýär. Ýöne alymlaryň topary şu ýylyň oktýabrynda älem giňişligine uçuryljak «James Webb Space Telescope» kosmiki teleskop işe goýberilenden soň «Pi-planetany» has içgin öwrenmegi meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda bu babatda degişli bilermenleriň pikirleri seljerilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: