«X + Living» kompaniýasynyň Hytaýyň Huaýan şäherindäki täze kitap dükanyny bezemekde ulanan dizaýn usuly köpleriň ünsüni özüne çekdi. Kitap dükanynyň içki gurluşy kosmos gämisini ýatladýar. Dürli ululykdaky we täsin şekilli, biri-biri bilen kesişýän halkalar bolsa kitaphananyň giň eýwanyna aýratyn bezeg berýär.
Halkalaryň käbiri okyjylara basgançak hyzmatyny ýerine ýetirýän bolsa, beýlekileri dürli mowzukdaky kitaplar bilen doldurylan tekjelerdir. Iki gatly, 810 inedördül metr meýdany eýeleýän dükanyň bezeg işlerinde, esasan hem, gara reňkli agaç bölekleri we mermer daşlary ulanylypdyr. Onuň aýnadan ýasalan üçegi bolsa kitap dükanyny has giň görkezýär. Dükanda okalga otaglaryndan başga-da dükanlar we çagalar üçin meýdançalar hem bar.