YKDYSADYÝET

«Guba-gara» hususy kärhanasy gap-çanak ýuwýan maşyny çykaryp başlady

«Guba-gara» hususy kärhanasy Türkmenistanyň söwda nokatlaryna «DUR» söwda belgisi bilen çykaran gap-çanak ýuwýan maşynlarynyň ilkinji tapgyryny ugratdy.

Kärhana 2012-nji ýylda döredildi we arassalaýyş serişdelerini çykarmak bilen meşgullanýar. Şu güne çenli bu ýerde «Sap» söwda nyşanly şeýle önümleriň altmyşa golaý görnüşi öndürilýär. Ýakynda bu ýerde şampunyň hem täze görnüşlerini öndürmegi özleşdirdiler. Olar 450 gramlyk we bir litrlik gaplarda çykarylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: