BIZE YAZYARLAR

Şahyryň döredijiligine bagyşlandy

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy derýa ýaly joşgunly. 2024-nji ýylyň ‘’Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy’’ ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan hormatyň nyşanydyr .

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Geçen ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň ‘’Dünýäniň hakydasy’’ maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi.

Golaýda biziň mekdebimizde ‘’Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma’’ diýen at bilen edebiýat agşamy geçirildi. Çagalarda şahyryň goşgularyna söýgi döretmek, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen çärä etrabymyzyň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary, ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda etrabymyzyň medeniýet müdirliginiň aýdymçylary akyldar şahyryň sözlerine düzülen aýdymlary we welaýatymyzyň döredijilik işgärleri şahyryň goşgularyny labyzly ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň adamzadyň beýik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň hatyrasyna durmuşa geçirýän işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

‘’Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’’’ atly kitap sergisinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylaryna, şahyryň döredijiligine bagyşlanan ylmy edebiýatlara aýratyn orun berildi.

Çünki şahyryň şygyrlary indi üç asyra golaý wagt bäri aýdyma bolup, dilleriň senasyna öwrülip gelýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde türkmen bagşylarynyň hyzmaty uludyr.

Şahyryň goşgulary türkmen diliniň sözlük gorunyň baýlaşmagyna öz täsirini ýetirip gelýär. Milli  aýdym-saz sungatymyza degişli sözler şahyryň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär.

Bu ýerde çykyş edenler şahyryň

‘’Magtymguly, sözlerim

Saza goşsaň, uz ‘’ – diýmek bilen öz şygyrlarynyň aýdyma laýykdygyny, saz bilen söz ýerine düşende ajaýyp aýdymlaryň döreýändigini, goşgy saza goşulanda adamyň ýüregine has gowy täsir edýändigini belläp geçdilerr. Onuň meşhur sazanda bolmasa-da, halkymyzyň saz sungatynyň inçe syrlaryndan habarly bolandygyny nygtadylar.

Şahyr öz şygyrlarynda aýdym-sazyň adamlaryň göwünlerini galkyndyrýandygy, onuň ýerini hiç zadyň tutup bilmejekdigi hakyndaky  gürrüňler çärä ýakymly täsirleri galdyrdy. 

Hurma Çaryýewa,

Çärjew etrayndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: