Sagdynlygyň gönezligi
Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaga ýol bermeli däl.
Pasyllara görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (miwe şireleri, bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiz ýa-da çagalaryňyz durmaly däl.
Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksadynda milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda we ony ýeňil geçirmekde örän ähmiýetli tagamdyr. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi ol fitonsidlere baý.
Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
Ynsanyň ýady gaýtalanmajak, üýtgeşik bir täsinlikdir. Käbir adamlar görýän zadyny ýadynda gowy saklaýar. Ýene biri eşidýän zadyny, başga biri bolsa, ýazýan zadyny ýadynda gowy saklaýar. Ýadyňyzy berkitmek üçin dogry iýmitlenmek has-da zerurdyr. Ilki bilen, ertirlik naharyny hökmany ýagdaýda ediniň! Gereginden artyk iýmeli däl, aşa köp ýa-da az ýatmaly däl. Şu maslahatlara we düzgünlere eýerilse, ýadyňyzyň berkemegine nepi deger. Ertirlik naharyňyzda kaloriýa taýdan pes, emma düzümi minerallara, witaminlere, ýoda baý iýmitleri iýmäge çalşyň. Gündelik iýmitimizde demre baý bolan iýmitlerden greçka, bagyr, alma, noýba, kişde, kişmiş, hoz, banan, balyk iýmelidir. Olar bedeniň işjeňligini, ýadyňyzyň çeýeligini artdyrar. Ýadyňyzy berkitmek üçin haýsy iýmitleri iýmeli, şeýle-de haýsy düzgüni berk berjaý etmeli. Geliň, bular barada kelam agyz durup geçeliň.
Hoz biziň üçin tapylgysyz nygmatdyr. Onuň düzümi ýaglara baýdyr. Irden 5-6 däne hozuň maňzyny iýseňiz, ýadyňyzyň berkemegine kömek eder. Şeýle-de, çagalaryňyza hem günde hozuň maňzyny bermegi ünsden düşürmäň. Hozuň maňzyny owradyp, ary balyna garyp goýup, gündelik ajöze 1 çaý çemçe iýseňiz, hem-ä üşükliligiňize ýardam eder, hemem saglygyňyza. Her biriňiz gündelik iýmitiňizde hozuň maňzyny iýmäge çalşyň!
Kişmiş ýatkeşligiň gowy bolmagy üçin ilkinjileriň sanawyndadyr. Ukudan öň bir çaý çemçesi ary balyna garylan gara kişmişi iýseňiz, rahat ýatarsyňyz. Kişmiş bilen balyň garyndysy bogun agyryda we bogun çişmede peýdalydyr. Ajöze iýlen kişmişiň ynsan bedenindäki ýag çökündileriň eremegine nepi deger. Käbir ýokumlar bilen bir hatarda kişmiş adam bedeniniň gurplanmagy üçin örän peýdalydyr.
Hurma Jumaniýazowa,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.