BIZE YAZYARLAR

Gökkerregiň baly

Türkmen tebigatynyň özboluşly täsinlikleri sanardan juda kän. Aýratyn-da sähra çöllerimizde, daglarymyzda üýtgeşik ösümlikler özüniň gözelligi, dermanlyk häsiýetleriniň kändigi bilen tapawutlanýar. Ine, şol ösümlikleriň biri-de gök kerrekdir. Biziň maşgalamazyň esasy käri çarwadarçylyk bolanlygy sebäpli kakam, atam dagy elmydama çopan goşunda bolýardy. Biz kiçiräk bolsak-da, okuwdan boş wagtlarymyz her ýyl dynç alyş möwsüminde çopan goşuna kömekleşmäge  giderdik. Şol wagtlarda ýazlyga baran döwrümizde kämahal  atama goýun-guzulary bakmaga ýardam bererdim. Ýazlykda öri meýdanda owlak-guzularyň bökjekläp, oýun edişleri göz öňünden gitmeýär. Ýöne meni haýran galdyrýan başga bir zat bardy.

Atam halys özelenip duranyma dözmän, goýun sürüsini örä bakmaga ýany bilen meni-de alyp giderdi. Ine, bir gezek  atamyň akja eşeginiň üstünde tebigatyň gözelligini synlap barşyma ýaşyl maýsalaryň arasynda tikenli ýapraklaryny ýaýyp ýatan üýtgeşik ösümlige gözüm düşdi. Men atamdan:

— Ata, bu nähili ösümlik? —  diýip soradym. Atam eşegi sakga saklap:

— Balam, muňa gökkerrek diýerler. Bu ýöne ösümlik däl. Onuň peýdasy örän uly – diýip, eşegiň üstündäki horjunyň gözünden kiçijik kepçesini alaga-da, ýere ýazylyp ýatan gökkerregi düýbi bilen gopardy. Soňra jübüsinden çakgysyny çykaryp, onuň ýapraklaryny aýyrdy. Çakgysynyň ujy bilen ýaprajygyň düýbünden birzatjyk alyp, akja kagyza saldy. Meniň soragly nazaryma seredip:

— Balam, ine, muňa gök kerregiň baly diýilýär — diýip, kagyzyň ýüzündäki sakgyça meňzeş akja şepbigi görkezdi.

— Ine, balam, şuny bir çeýnäp gör! — diýip maňa uzatdy. Entek beýle zada duşmadygym üçinmi, men aňk-taňk bolup ol şepbigi agzyma saldym we birki gezek çeýnedim. Dogrudanam, üýtgeşik tagamly, özboluşly sähranyň ysy gelýän ajaýyplyk.

— Muny nahardan soň çeýneseň, edil guş ýaly ýeňil bolarsyň. Çünki munuň iýmit siňdiriji dermanlyk häsiýeti bar, balam. Biziň topragymyzda gögerýän her bir ösümlik jana şypadyr — diýip, atam pahyr düşündiripdi. Dogrudanam, Hydyr gezen türkmen sährasynyň üýtgeşik täsin hem-de derde derman ösümlikleri bar. Biz olaryň her birini öwrenmelidiris we  gözümiziň göreji ýaly goramalydyrys.

Şemşat Kuwatowa,

Döwletli etrabynyň Tallymerjen oba medeniýet öýüniň işgäri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: