BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar ýaşlaryň ýürek owazy

 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  ýurdumyzda ylymly-bilimli, kämil, watansöýüji, maksada okgunly  talyp ýaşlara uly ynam bildirip, olaryň geljekde öz kärine ökde bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri, sungatyň dürli görnüşlerinden zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmaklygy we olaryň ýerine ýetirijilik ukuplaryny baýlaşdyrmagy hem-de has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen gözel paýtagtymyzda ýerleşýän  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Bagtyýar ýaşlaryň ýürek owazy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminde okaýan talyplary gatnaşyp, “Gyjak” hünärinden 1-nji orna Ýunusbaýewa Güldasta, “Dutar” hünärinden 2-nji orna Astanow Mergen, “Plektrli dutar” hünärinden 2-nji orna Hamraýew Nurulla  mynasyp boldylar.         

 Geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny  ösdürjek ýaşlaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem  rowaç  alsyn!

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň                                                        mugallymy Halbaýew D.J

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: