JEMGYÝET

Lebaply mugallym «Ýylyň mugallymy — 2022» döwlet bäsleşiginde baýrakly orny eýeledi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2022» döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy boldy.

Bäsleşikde oňa gatnaşan professor-mugallymlaryň işlerine köptaraplaýyn baha berildi we olaryň okadýan dersleri boýunça taýýarlan okuw kitaplarydyr gollanmalaryna, monografiýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki çykyşlaryna, sapakda döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryndan, şol sanda elektron kitaplardan, wideo-audio materiallardan, multimedia tehnologiýalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanyşyna, şeýle-de uzak aralykdan okuwlary guramakda tejribelerine aýratyn ähmiýet berildi. Netijede, baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy Baýram Jumaýew mynasyp boldy. Bäsleşigiň I ornuny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy Aýlar Hojanepesowa, II ornuny Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Altyn Hydyrowa bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Şemşat Kliçowa eýelediler. III baýrakly orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň administratiw hukugy kafedrasynyň müdiri Agajan Ýagmyrow, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Babageldi Kurbanow we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Aýjemal Rahimowa dagy mynasyp boldylar.

Ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: