BIZE YAZYARLAR

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

Her bir adam ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine we geçiren keseline garamazdan ýygy-ýygydan sagaldyş maşyklaryny ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Gündeki fiziki ýüklenmeler saglygy gowlandyrýar, myşsalaryň ösmegine ýardam edýär. Maşyklar ýerine ýetirilende  nerw impulslary bogunlaryň we myşsalaryň hereketi netijesinde merkezi nerw ulgamyna geçip, tutuş bedeni işjeň ýagdaýa getirýär. Ganaýlanyşy güýçlendirýär, dem alyşy çuňlandyrýar we madda çalşygyny ýokarlandyrýar. Adam özüni günüň dowamynda şähdaçyk ýagdaýda alyp barýar. Şonuň ýaly-da sagaldyş maşyklary adamy dürli kesellerden goraýar. Meselem: ýassydabanlygyň, aşa semizligiň, ukysyzlygyň, bogunagyrynyň öňüni alýar. Ýerine ýetirilýän maşyklar ilki bedeniň ähli myşsa toplumlaryny gyzdyrmakdan başlanylýar. Geliň, bu barada gysgaça durup geçeliň!

Irki maşyklar ýerine ýetirilende ilki beýnini oýandyryjy maşyklardan başlanylýar. Munuň üçin gözüňizi açanyňyzdan soň ýenede ýumuň we erkin dem alyň. Şeýle ýagdaýy birnäçe gezek gaýtalaň. Bu maşyklar diňe bir beýnini oýandyrman, eýsem, göreşler üçin hem peýdalydyr.

Soňra boýun maşyklary ýerine ýetirilýär, kelläni öňe, yza we gapdala egmek bilen dowam etdirmeli. Penje we tirsek bogunlarynyň, soňra eginleriň aýlowy we tutuş elleriňi silkmeli.

Şeýle-de kem-kemden beden üçin peýdaly bolan beýleki maşyklary ýerine ýetirmeklige girişmeli.

Görşümiz ýaly, sagdynlyk endikleri adamdan artykmaç wagty ýa-da zähmeti talap edmeýär, olaryň peýdasy bolsa ummasyzdyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welayatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: