YKDYSADYÝET

Gök we bakja önümleri terligine alyjylara ýetirilýär

Häzirki wagtda «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň täze ammarlarynda 2700 tonna önüm saklanylýar. Şonuň 2300 tonnasy ýeralmadyr. Şeýle hem 240 tonna käşir, 105 tonna sogan saklanylýar. Bulardan başga-da ammarlarda kelemiň, almanyň, sarymsagyň, şugundyryň birnäçe tonnasy bar.

Gök we bakja önümleri şertnama esasynda welaýatymyzyň dürli künjeklerindäki kärendeçilerden satyn alynýar. Soňra olar ýylyň dowamynda çagalar baglaryna, saglyk merkezlerine we harby bölümlere paýlanyp berilýär. Önümleri daşamakda sowadyjyly ulaglardan peýdalanylýar.

2018-nji ýylda welaýatymyzyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň umumy sygymy 3 müň tonna bolan täze ammarlarynyň açylyp, ulanylmaga berildi. Olar gök we bakja önümlerini uzak wagtlap ter saklamaga mümkinçilik berýär.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: