YKDYSADYÝET

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti özüniň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

2018-nji ýylda gurluşyk gury garyndy önümlerini, 2019-njy ýylda bolsa gipsokarton öndürip başlan «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti  öndürýän önümleriniň Azerbaýjan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly daşary ýurtlara eksportyny has hem giňeltdi.

Hojalyk jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde ýerleşýän önümçilik kärhanasynyň önümçiliginde çig mal hökmünde kärhananyň golaýynda ýerleşýän känden gazylyp alynýan kalsit ulanylýar. Geçen ýylyň degişli görkezijileri boýunça kärhanada gury garyndynyň 22400 tonnadan gowragy, gipsokartonyň 377951 inedördül metri öndürildi.

Bu barada «Rysgal» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: