YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň raýatlary ýylyň başyndan bäri Türkiýede 69 kompaniýa döredipdirler

 «Atavatan. Türkmenistan» saýtynyň Türkiýäniň «Palatalar we biržalar» birleşiginiň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, Türkiýede şu ýylyň başyndan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan 69 kompaniýa esaslandyrylypdyr.

Olaryň jemi esaslyk maýasy 25 million Türk lirasyna barabar bolup, onda Türkmenistan raýatlarynyň paýy 21 million Türk lirasyna barabardyr. Bu kompaniýalar önümçilik (1), gurluşyk (8), söwda (40), transport (6), myhmanhana we naharlanmak (3), maglumat we kommunikasiýa (1), emläk (1), hünär (8), bilim (1) we beýleki (3) ulgamlarda hereket edýärler. Türkmen kompaniýalary Stambul (67), Antalýa (1) we Bursa (1) şäherlerinde esaslandyrylypdyr.

2013-nji ýyldan bäri Türkiýede jemi 443 sany Türkmenistan maýaly kompaniýa esaslandyrylypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: